Göwrelilik we çaga dogurmak boýunça döwlet kömek puly

Göwrelilik we çaga dogurmak boýunça döwlet kömek puluna aýal maşgalalaryň Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksiniň 61-nji maddasynda görkezilen halatlarda hukugy bardyr. Göwrelilik we çaga dogurmak boýunça döwlet kömek puluna hukuk gazanmak üçin saglygy goraýyş edarasy tarapyndan berlen zähmete ukypsyzlyk haty esas bolup durýar. 

Göwrelilik we çaga dogurmak boýunça döwlet kömek puly raýatlaryň esasy iş (gulluk) ýerinde, aýlyk zähmet hakynyň möçberinden ugur alnyp hasaplanýar we tölenýär.