1) hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşygy bäş ýyldan az bolmadyk, 62 ýaşy dolan erkek adamlaryň, 57 ýaşy dolan aýal maşgalalaryň;
2) üç çaga dogran we olary sekiz ýaşa çenli terbiýeläp ýetişdiren, hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşygy 20 ýyldan az bolmadyk, 56 ýaşy dolan aýal maşgalalaryň;
3) dört çaga dogran we olary sekiz ýaşa çenli terbiýeläp ýetişdiren,hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşygy 18 ýyldan az bolmadyk, 55 ýaşy dolan aýal maşgalalaryň;
4) bäş, alty, ýedi çagany dogran ýa-da çagalygyndan maýyplygy bolan çagasy bar bolan (maýyplygy bolan çaga diýip ykrar edilen wagtyna garamazdan) we olary sekiz ýaşa çenli terbiýeläp ýetişdiren, hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşygy 15 ýyldan az bolmadyk, 54 ýaşy dolan aýal maşgalalaryň;
4¹) sekiz we şondan köp çagany dogran we olary sekiz ýaşa çenli terbiýeläp ýetişdiren, hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşygy 10 ýyldan az bolmadyk, 52 ýaşy dolan aýal maşgalalaryň;
5) radiasiýa heläkçiliginiň we betbagtçylygynyň netijesinde ejir çeken (aýrybaşgalanan zolakdaky iş döwrüniň dowamlylygyna garamazdan):
a) hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşygy 25 ýyldan az bolmadyk 52 ýaşy dolan erkek adamlaryň;
b) hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşygy 20 ýyldan az bolmadyk 48 ýaşy dolan aýal maşgalalaryň;
6) gipofizar nanizmi (boý ösmezlik-liliput) keseli bilen kesellän ýa-da göýdük (karlik) bolan hökmany pensiýa ätiýaçlandymasyna gatnaşygy bäş ýyldan az bolmadyk 45 ýaşy dolan erkek adamlaryň, 40 ýaşy dolan aýal maşgalalaryň.