Gulluk ýyllary boýunça pensiýa

Gulluk ýyllary boýunça pensiýa şu aşakdakylaryň hukugy bardyr:

harby gullukçy, içeri işler edaralarynyň hatarçy, seržant we ofiserler düzüminden bolan:

a) gulluk döwri 25 ýyldan az bolmadyk we şol döwürde hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna hem-de hökmany hünär pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşygy bolan, 52 ýaşy dolan erkek adamlaryň;

b) gulluk döwri 20 ýyldan az bolmadyk we şol döwürde hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna hem-de hökmany hünär pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşygy bolan, 48 ýaşy dolan aýal maşgalalaryň;

harby gullukçy, içeri işler edaralarynyň orta, uly we ýokary serkerdeler düzüminden bolan, näsaglygy, wezipe birliginiň kemeldilmegi ýa-da saglygynyň çäkli ýagdaýy boýunça gullukdan boşadylan:

a) iş döwri 25 ýyl we onuň azyndan 20 ýyly gulluk döwri bolan, şol döwürlerde degişlilikde hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna hem-de hökmany hünär pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşygy bolan şertde, 50 ýaşy dolan erkek adamlaryň;

b) iş döwri 20 ýyl we onuň azyndan 15 ýyly gulluk döwri bolan, şol döwürlerde degişlilikde hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna hem-de hökmany hünär pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşygy bolan, 45  ýaşy dolan aýal maşgalalaryň;

döwlet we raýat awiasiýasynyň uçuş we uçuş-synag düzüminiň işgäri, paraşýutçysy bolan:

a) gulluk döwri 25 ýyldan az bolmadyk we şol döwürde hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna hem-de hökmany hünär pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşygy bolan 50 ýaşy dolan erkek adamlaryň;

b) gulluk döwri 20 ýyldan az bolmadyk we şol döwürde hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna hem-de hökmany hünär pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşygy bolan, 48 ýaşy dolan aýal maşgalalaryň;

döwlet we raýat awiasiýasynyň uçarbeledi, uçar operatory bolan:

a) gulluk döwri 25 ýyldan az bolmadyk we şol döwürde hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna hem-de hökmany hünär  pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşygy bolan, 55 ýaşy dolan erkek adamlaryň;

b) gulluk döwri 20 ýyldan az bolmadyk we şol döwürde hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna hem-de hökmany hünär pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşygy bolan, 50 ýaşy dolan aýal maşgalalaryň.

Gulluk ýyllary boýunça pensiýanyň bellenilmegi üçin gerekli resminamalaryň sanawy