Ekleýjiniň döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasynyň hökmany görnüşleri boýunça ätiýaçlandyrylandygyna ýa-da ätiýaçlandyrylmandygyna garamazdan, ekleýjiniň ýaşaýan wagtynda onuň doly saklamagynda bolan ýa-da ýaşamagy üçin ondan yzygiderli we esasy çeşme bolup duran kömegi alan:
- 18 ýaşy dolan, umumybilim edaralarynda okaýan çagalary (şol sanda perzentlige alnan we öweý çagalary);
- ýokary, orta we başlangyç hünär bilim edaralarynda bilim almagyň gündizki görnüşinde okaýan hem-de umumybilim edaralarynda okaýan 24 ýaşy dolmadyk adamlar;
kakasy, ejesi (şol sanda perzentlige alanlar), äri, aýaly - eger olar erkek adamyň 62 ýaşy dolan, aýal maşgalanyň 57 ýaşy dolan halatynda ýa-da maýyplygy bolan adamlar bolup durýan bolsalar we pensiýa ýa-da döwlet kömek puluny almaýan bolsalar.
- 18 ýaşy dolmadyk çagalary (şol sanda perzentlige alnan we öweý çagalary), doganlary, uýalary we agtyklary ýa-da şu ýaşdan ýokary, eger olar 18 ýaşa çenli maýyp bolan bolsalar, şunda doganlar, uýalar we agtyklar - olaryň zähmete ukyply ata-enesi bolmadyk ýagdaýynda ekleýjisini ýitirendigi boýunça pensiýa hukugy bardyr.