Balkan welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi hem-de Gumdag şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2022-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Gumdag şäheriniň S.Ödäýew köçesiniň 24-nji ýaşaýyş jaý toplumynyň 2-nji jaýynda ýerleşýän Medeniýet öýünde, sagat 10°°-dan 12°°-a çenli boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär!
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň, özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy:
Gumdag şäheriniň S.Ödäýew köçesiniň 24-nji ýaşaýyş jaý toplumynyň 2-nji jaýynda ýerleşýän Medeniýet öýi
Habarlaşmak üçin telefon belgiler:
+99324143940;
+99324143022.
Okamak