Balkan welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi hem-de Esenguly etrabynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2022-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Esenguly etrabynyň D.Balgyzyl köçesiniň 345-nji jaýynda ýerleşýän Esenguly etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminde, sagat 10°°-dan 12°°-a çenli boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär!
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň, özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy:
Esenguly etrabynyň D.Balgyzyl köçesiniň 345-nji jaýynda ýerleşýän Esenguly etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi
Habarlaşmak üçin telefon belgiler:
+99324532078.
+99324532078.
Okamak