Tejen etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2022-nji ýylyň noýabr aýynyň 11-ne sagat 10:00-dan 12:00-a çenli Tejen etrabynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminiň edara binasynda (Magtymguly köçesiniň 35-nji jaýy) sagat 10:00-dan-12:00-a çenli aralykda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär!
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa, şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy:
Tejen etrabynyň Magtymguly köçesiniň 35-nji jaýynda ýerleşýän Tejen etrabynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi
Habarlaşmak üçin telefon belgisi:
(800135) 4-86-19
Okamak