Lebap welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi hem-de Dänew etrabynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2022-nji ýylyň 22-nji noýabrynda Dänew etrabynyň Parahat geňeşliginiň Parahat obasynyň M.Saburow köçesiniň 11-nji jaýynda ýerleşýän Medeniýet öýüniň binasynda, sagat 11:00-dan 13:00-a çenli boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär!
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň, özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy:
Dänew etrabynyň Parahat geňeşliginiň Parahat obasynyň M.Saburow köçesiniň 11-nji jaýy
Habarlaşmak üçin telefon belgiler:
+99344631949.
Okamak