Mary welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi hem-de Sakarçäge etrabynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2022-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Murgap etrabynyň medeniýet bölüminde, sagat 10°°-dan 12°°-a çenli boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär!
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň, özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy:
Murgap etrabynyň medeniýet bölüminde, Murgap şäheriniň Azady köçesiniň 48-nji jaýy.
Habarlaşmak üçin telefon belgiler:
+993565-4-52-51
+993565-4-51-96