Mary welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi hem-de Sakarçäge etrabynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2022-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Baýramaly şäheriniň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminde, sagat 10°°-dan 12°°-a çenli boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär!
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň, özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy:
Baýramaly şäheriniň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi, Baýramaly şäheriniň Nurana
köçesiniň 7-nji jaýy
Habarlaşmak üçin telefon belgiler:
+993564-6-93-46
+993564-6-93-45
Okamak