Mary welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi hem-de Sakarçäge etrabynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2022-nji ýylyň 16-njy noýabrynda Sakarçäge etrabynyň medeniýet bölüminde, sagat 10°°-dan 12°°-a çenli boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär!
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň, özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy:
Sakarçäge etrabynyň medeniýet bölümi, Sakarçäge şäheriniň General Baýnazarow köçesiniň 104-nji „A“ jaýy
Habarlaşmak üçin telefon belgiler:
+993566 5-34-30
Okamak