Lebap welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi hem-de Darganata etrabynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi we Gazojak şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2022-nji ýylyň 23-nji noýabrynda Darganata etrabynyň Darganata şäheriniň S.Türkmenbaşy şaýolunyň 44-nji jaýynda ýerleşýän Medeniýet merkeziniň binasynda, sagat 10:00-dan 12:00-a çenli boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär!
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň, özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy:
Darganata etrabynyň Darganata şäheriniň S.Türkmenbaşy şaýolunyň
44-nji jaýy.
Habarlaşmak üçin telefon belgiler:
+99344521514.
+99344521114.
Okamak