Mary şäheriniň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2022-nji ýylyň 9-njy dekabrynda Mary şäheriniň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminde sagat 10:00-dan 12:00-a çenli aralykda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär!
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň, özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy: Mary şäheriniň Ýaşlyk köçesiniň 5-nji jaýy.
Habarlaşmak üçin telefon belgiler:
+993522-6-36-98
+993522-6-31-61
Okamak