13 Ýanwar 2023
353
Ýolöten etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2023-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda Ýolöten etrabynyň medeniýet bölüminiň Ýolöten şäherindäki medeniýet merkezinde sagat 09:00-dan 12:00-a çenli aralykda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär!
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň, özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy: Mary şäheriniň Ýaşlyk köçesiniň 5-nji jaýy.
Habarlaşmak üçin telefon belgiler:
+993560-6-28-01
+993560-6-28-04
Okamak