10 Fewral 2023
268
Baýramaly şäheriniň zähmet we ilatyň iş bilen
üpjünçiligi bölümi 2023-nji
ýylyň 15-nji fewralynda Mary çeper halyçylyk kärhanasynyň
Baýramaly önümhanasynyň binasynda sagat 10:00-dan 12:00-a çenli boş iş
orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär!
Kärhanalaryň,
guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň, özlerindäki boş iş
orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň
gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy: Baýramaly şäheriniň Ýüpek ýoly köçesiniň 1-nji jaýy
Habarlaşmak üçin telefon belgiler:
+993564-6-93-46
+993564-6-93-45