Murgap etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2023-nji
ýylyň 17-nji martynda Murgap etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi
bölüminiň edarasynda sagat 10:00-dan 12:00-a çenli aralykda boş iş orunlarynyň
hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär!
Kärhanalaryň, guramalaryň,
edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň, özlerindäki boş iş orunlary baradaky
maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün
etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň
bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi
hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny
haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň
salgysy: Murgap
etrabynyň Gökdepe geňeşliginiň Ýyldyzhan köçesiniň 5-nji jaýy.
Habarlaşmak üçin
telefon belgiler:
+993565-4-52-51
+993565-4-51-96