Wekilbazar etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen
üpjünçiligi bölümi 2023-nji
ýylyň 23-nji martynda Wekilbazar etrabynyň zähmet we ilatyň iş
bilen üpjünçiligi bölüminiň edarasynda, sagat 10:00-dan 12:00-a çenli boş iş orunlarynyň
hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär!
Kärhanalaryň, guramalaryň,
edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň, özlerindäki boş iş orunlary baradaky
maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün
etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň
bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi
hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny
haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň
salgysy: Wekilbazar etrabynyň Mollanepes şäherçesiniň Türkmenistan köçesiniň 8-nji jaýy.
Habarlaşmak üçin telefon belgiler:
+993558-6-11-94
+993564-6-11-95