Ahal
welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi hem-de Ak bugdaý
etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2023-nji ýylyň 29-njy
martynda Ak bugdaý etrap häkimliginiň edara binasynyň kiçi
mejlisler zalynda sagat 10:00-dan 12:00-a çenli boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini
geçirýändigini habar berýär!
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy
telekeçileriň, özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen
bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa şahsyýetini
tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini
tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy:
Ak bugdaý etrap häkimliginiň edara binasynyň kiçi
mejlisler zaly
Habarlaşmak
üçin telefon belgiler:
+99313736714