Balkan welaýatynyň Zähmet we
ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi hem-de Türkmenbaşy şäheriniň zähmet we
ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2023-nji ýylyň 30-njy martynda Türkmenbaşy şäheriniň
Türkmenbaşy meýdançasynda ýerleşýän Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar
toplumynyň Medeni-sport toplumynda, sagat 10:00-dan 12:00-a çenli boş iş orunlarynyň ilata
hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär!
Kärhanalaryň,
guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň, özlerindäki boş iş
orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň
gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe
ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger
bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen
agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek
ýeriniň salgysy:
Türkmenbaşy şäheriniň Türkmenbaşy meýdançasynda ýerleşýän, Türkmenbaşydaky
nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Medeni-sport toplumy
Habarlaşmak üçin telefon
belgiler:
+993243 60695;
+993243 50094