04 Aprel 2023
552
Garagum etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2023-nji
ýylyň 13-nji aprelinde Garagum etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi
bölüminde sagat 09:00-dan 11:00-a çenli aralykda boş iş orunlarynyň hödürleniş
çäresini geçirýändigini habar berýär!
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň
özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä
wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa, şahsyýetini tassyklaýan
resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan
resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy: Garagum etrabynyň Ýagty ýol
şäherçesiniň Atabaýew köçesiniň 10-njy jaýy.
Habarlaşmak üçin
telefon belgiler:
+993557-4-03-36
+993557-4-03-37