04 Aprel 2023
538
Sakarçäge etrabynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2023-nji
ýylyň 19-njy aprelinde
Sakarçäge etrabynyň 6-njy tehniki orta hünär mekdebinde, sagat
10:00-dan 12:00-a çenli boş iş
orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär!
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň,
özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä
wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasy,
eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen
agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy: Sakarçäge şäheriniň Merw
köçesiniň 48-nji jaýy
Habarlaşmak üçin
telefon belgiler:
+993566 5-34-30