05 Aprel 2023
588
Ahal
welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi hem-de Bäherden etrabynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2023-nji ýylyň 14-nji
aprelinde Bäherden etrabynyň Aşgabat-Türkmenbaşy garaýolunyň
100-nji kilometrinde ýerleşýän Medeniýet bölüminiň edara binasynda sagat 10:00-dan 13:00-a
çenli boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär!
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy
telekeçileriň, özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen
bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa şahsyýetini
tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini
tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek
ýeriniň salgysy:
Bäherden etrabynyň Aşgabat-Türkmenbaşy garaýolunyň 100-nji kilometrinde
ýerleşýän Medeniýet bölüminiň edara binasy
Habarlaşmak üçin telefon
belgiler:
+99313123052;