15 Aprel 2023
952
Balkan welaýatynyň Zähmet we
ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi hem-de Türkmenbaşy etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen
üpjünçiligi bölümi 2023-nji
ýylyň 20-nji aprelinde Türkmenbaşy
etrabynyň Türkmenbaşy şäherçesiniň Magtymguly köçesiniň 11-nji jaýynda ýerleşýän Bilim bölüminiň
edarasynyň 2-nji gatynyň mejlisler zalynda sagat 10:00-dan 13:00-a çenli boş iş orunlarynyň ilata
hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär!
Kärhanalaryň,
guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň, özlerindäki boş iş
orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň
gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe
ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger
bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen
agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň
geçiriljek ýeriniň salgysy: Türkmenbaşy etrabynyň Türkmenbaşy şäherçesiniň Magtymguly köçesiniň 11-nji jaýynda
ýerleşýän Bilim
bölüminiň edarasynyň 2-nji gatynyň mejlisler zalynda.
Habarlaşmak üçin telefon
belgiler:
+993243 79936;
+993243 78184.