Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Ol welaýatyň ekin meýdanlarynda alnyp barylýan oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleri dowam edýär, hususan-da, ekine ösüş suwuny tutmak, ony mineral dökünler bilen iýmitlendirmek boýunça degişli çäreler geçirilýär. Şeýle hem şu ýylyň pagta hasyly üçin gowaça ekişiniň bellenen agrotehniki möhletlerde geçirilmegi ugrunda degişli çäreler görülýär.

Welaýatda ýeralma, sogana, beýleki gök-bakja ekinlerine ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar, ýüpek gurçugyna talabalaýyk ideg edilýär. Şeýle-de häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna” laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalarda ýerine ýetirilýän gurluşyk işleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işlerine jogapkärli, toplumlaýyn we guramaçylykly çemeleşmegiň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz gowaça ekişiniň bellenen möhletlerde we ýokary hilli geçirilmeginiň, bugdaýa, ýazlyk ekinlere ideg etmek işleriniň agrotehnikanyň talaplaryny berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmeginiň berk gözegçilikde saklanylmagy, pile öndürmek boýunça meýilnamanyň üstünlikli berjaý edilmegi babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamak babatda häkime anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew welaýatda alnyp barylýan oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, gowaça ekişini agrotehniki möhletlerde tamamlamak üçin oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar. Welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleri dowam edýär. Mundan başga-da, ýazlyk ýeralma, sogana we beýleki ekinlere ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen birlikde, welaýatda pile öndürmek boýunça bellenen meýilnamany ýerine ýetirmek üçin degişli işler dowam etdirilýär.

Şeýle hem häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalarda ýerine ýetirilýän gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli we bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmeginiň geljekki bol hasylyň binýadydygyny belledi hem-de häkime bugdaýa edilýän ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryny berjaý etmek arkaly geçirilmegine berk gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz gowaça ekişiniň, ýeralma, sogana, beýleki ýazlyk ekinlere ideg işleriniň bellenen agrotehniki möhletlerde geçirilmegi babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipelere ünsi çekdi hem-de häkime welaýatda şu ýyl ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy baradaky hasabaty bilen dowam etdi. Bellenilişi ýaly, oba hojalyk işleri agrotehnikanyň talaplaryny berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilýär, gowaça ekişini bellenen möhletlerde tamamlamak boýunça ähli zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen bir hatarda, welaýatyň ýazlyk ýeralma, sogan, beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda ideg işleri ýerine ýetirilýär, pile öndürmek boýunça bellenen meýilnamany berjaý etmek üçin degişli işler alnyp barylýar.

Häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatyň ekin meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişine ünsi çekdi hem-de bugdaýa, ýazlyk ýeralma, sogana, beýleki gök-bakja ekinlerine ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirilmegi babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatda gowaça ekişiniň agrotehnikanyň talaplaryny berk berjaý etmek arkaly geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär. Şu ýylyň pagta hasyly üçin gowaça ekişini ýokary hilli we öz wagtynda geçirmek ugrunda ekişde ulanylýan oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär. Welaýatyň ýazlyk ýeralma, sogan we beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda ideg işleri alnyp barylýar. Ýüpek gurçuklaryna ideg işleri dowam edýär.

Mundan başga-da, häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli geçirilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi hem-de welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda alnyp barylýan, şeýle-de ýeralma, sogana edilýän ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegi babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi. Şunuň bilen bir hatarda, gowaça ekişiniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilmegini, pile öndürmek boýunça bellenen meýilnamanyň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow häkime ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew häzirki wagtda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatda gowaça ekişini agrotehniki möhletlerde, ýokary hilli tamamlamak boýunça degişli işler dowam edýär. Şunda oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny doly güýjünde işletmek boýunça zerur tagallalar edilýär. Sebitiň ak ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam edýär. Ýazlyk ýeralma, sogan we beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alnyp barylýar. Şeýle hem welaýatda pile öndürmek boýunça bellenen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ähli zerur çäreler görülýär. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda hem-de ýokary hilli geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi we häkime welaýatda gowaça ekişiniň, bugdaý, ýazlyk ýeralma, sogan ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly alnyp barylmagyny, pile öndürmek möwsüminiň talabalaýyk geçirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine gönükdirilen maksatnamalarda bellenilen wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny belläp, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzyň welaýatlarynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler pagtaçy daýhanlarymyz tarapyndan oba hojalyk tehnikalaryndan we mineral dökünlerden netijeli peýdalanmak, agrotehniki çäreleri öz wagtynda geçirmek arkaly ýurdumyzyň welaýatlarynda gowaça ekişi dowam edýär. Ekiş geçiriljek meýdanlara tagt suwy, eýýäm ekilen gowaçalara bolsa gögeriş suwy tutulýar. bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri, hususan-da, ekini mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, oňa ösüş suwuny tutmak we beýleki degişli işler geçirilýär.

Şeýle hem wise-premýer ýeralmanyň we gök-bakja önümleriniň öndürilişini artdyrmak, ilatymyzy bu önümler bilen bolelin üpjün etmek boýunça işleriň geçirilýändigini, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda pile öndürijiler tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg etmek işleriniň alnyp barylýandygyny, Daşoguz welaýatynda bolsa pile öndürijilere ýüpek gurçugynyň ýokary hilli tohumyny paýlamak işleriniň dowam etdirilýändigini habar berdi. Mundan başga-da, häzirki wagtda ýurdumyzyň welaýatlarynda oba hojalyk ekinlerini we öri meýdanlaryny zyýankeşlerden goramak, olaryň ýüze çykyp biljek ýagdaýlarynyň öňüni almak boýunça degişli işler geçirilýär hem-de gündelik gözegçilikde saklanylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirilmegine jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere gowaça ekişiniň, bugdaýa, ýazlyk ýeralma, sogana we beýleki gök-bakja ekinlerine ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini, suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyny gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryna hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, şu günler ýurdumyzyň ekin meýdanlarynda dowam edýän oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we olaryň agrotehnikanyň talaplaryny berk berjaý etmek arkaly geçirilmegi, howanyň maýlamagy bilen baglylykda, ekin we öri meýdanlarynda zyýankeşleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça zerur çäreleriň durmuşa geçirilmegi babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň, mähriban halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.


Yza

Şeýle hem okaň