2025-nji ýylyň 8-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti hanym Kaýa Kallasyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda hanym Kallas Eýrandan öz ýurtlaryna gaýdan Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň raýatlaryna ynsanperwerlik geçelgesini üpjün edendigi üçin Türkmenistana minnetdarlygyny beýan etdi.
Taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şu ýylyň mart aýynda Aşgabat şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň we Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidentiniň duşuşygynyň netijeli häsiýeti bellenildi.
Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary 2025-nji ýylyň aprelinde Samarkantda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň ýolbaşçylarynyň we ÝB-niň ýolbaşçylygynyň ilkinji sammitiniň ähmiýetini aýratyn nygtadylar.
Mundan başga-da, taraplar syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek bilen bagly meselelere, şeýle hem özara gyzyklanma döredýän sebitara we halkara birnäçe meselelere garadylar.
Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi