04 Maý 2023
523
Ahal
welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi hem-de Gökdepe etrabynyň
zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2023-nji ýylyň 17-nji maýynda Gökdepe şäheriniň Magtymguly şaýolunyň 75-nji jaýynda sagat 09:00-dan 13:00-a çenli boş
iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär!
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy
telekeçileriň, özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen
bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa şahsyýetini
tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini
tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy:
Gökdepe şäheriniň Magtymguly şaýolunyň 75-nji jaýy
Habarlaşmak üçin telefon
belgiler:
+99313260034.