Türkmenistanda balkanly esgerlere bagyşlanan «Hatyra» kitabynyň ikinji tomy çap edildi

Türkmenistanda «Hatyra» kitabynyň täze neşiriniň ikinji tomy çap edildi. Ol Balkan welaýatynda önüp-ösen, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan, ýaralanma zerarly hassahanalarda aradan çykan hem-de dereksiz ýiten esgerleriň ýagty ýadygärligine bagyşlandy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen taýýarlanylan bu göwrümli işiň täze neşiriniň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda çap edilmeginiň çuňňur manysy bar. Beýik Ýeňşiň 76 ýyllygynyň öň ýanynda neşir edilen kitabyň birinji tomy Aşgabatdan hem-de Ahal welaýatyndan bolan türkmenistanly gahrymanlara bagyşlanypdy.

«Hatyra» kitabynyň her neşiri türkmen Lideriniň: «Ýüreklere öçmejek ýaralar salan ýalynly uruş ýyllarynda halklary birleşdiren dostluk, düşünişmek we özara goldaw bermek däplerimiz bu gün dünýä döwletleri bilen Türkmenistanyň arasyndaky hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde pugta esas bolup durýar. Biziň Ýer ýüzünde ählumumy parahatçylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmaga, durnukly ösüşi, netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen, ynsanperwerlik we döredijilik däplerine esaslanýan döwlet syýasatymyz Garaşsyz, Bitarap Diýarymyzyň ýokary halkara abraýyny üpjün edýär. Bitarap Türkmenistan sebitde parahatçylygy üpjün ediji merkez hökmünde oňyn halkara gatnaşyklary has-da ösdürmek ugrunda çykyş edýär» diýen sözleri bilen açylýar.

Uruş gahrymanlarynyň sanawlarynda atlary anyklanylmadyk esgerler barada maglumatlary tapmaga mümkinçilik berýän arhiw işleri dowam edýär. Täze neşirde bellenilişi ýaly, bar bolan maglumatlara görä, Balkan welaýatyndan goşuna 35 müňe golaý adam çagyrylyp, urşa giden balkanly esgerleriň 8 müň 938-den gowragy Ýeňiş üçin şirin janlaryny gurban edip, mähriban ojaklaryna dolanyp gelmediler.

Şeýle hem neşirde sylag hatlary we suratlary tapylan türkmen halkynyň edermen ogullary we gyzlary hakynda maglumatlar getirilýär. Kitapda frontdan gelip gowşan hatlaryň, uruş ýyllarynda, şeýle hem häzirki günlerde joşgun bilen ýazylan goşgularyň nusgalary ýerleşdirildi.

Maglumatlaryň giň dokumental binýady dürli çeşmelerden alyndy. Olar Balkan welaýatynyň şäherleriniň we etraplarynyň harby wekillikleriniň, durmuş-üpjünçilik bölümleriniň arhiwlerinden, uruş weteranlarynyň ýatlamalaryndan, şahsy maglumatlardan, ylmy makalalardan, döwürleýin neşirlerden ybaratdyr. Kitabyň sahypalarynda türkmenistanlylaryň söweş edermenligi barada gürrüň berilmeýär, emma resmi maglumatlar arkaly tutuş nesliň terjimehaly bilen tanşyp bolýar. Täze neşirde esgerleriň doglan, wepat bolan, jaýlanan senesi we ýeri, harby derejesi hakynda maglumatlardan başga-da, olaryň goşuna çagyrylan ýeri hem-de ýyly hakynda maglumatlar berilýär.

Türkmenistanly esgerleriň diňe edermenligi barada däl-de, eýsem, tyldaky gahrymançylyk, zenanlaryň we çagalaryň tutanýerli zähmetleri bilen uzak garaşdyran Ýeňşi ýakynlaşdyran günleri barada gürrüň berýän fotosuratlaryň hem üsti ýetirildi.

Mälim bolşy ýaly, «Hatyra» kitaby 1993 — 1998-nji ýyllarda neşir edildi. Onuň täzeden çap edilmegi bar bolan maglumatlary tertibe salmak, olaryň üstüni ýetirmek hem-de elipbiý tertibinde ýerleşdirmek bilen baglydyr, bu işler maglumatlara elýeterliligi üpjün edýär.

«Hatyra» kitabynyň ikinji neşiri giň okyjylar köpçüligine niýetlenendir. Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi tarapyndan çapa taýýarlanylan kitap Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýokary çap usulynda neşir edildi.


Yza

Şeýle hem okaň