Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Beýik Britaniýanyň daşary işler ministrleri «Merkezi Aziýa — Beýik Britaniýa» formatynda birinji mejlisi geçirdiler, onuň dowamynda syýasy gepleşikleri, söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmagyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Raşid Meredow öz çykyşynda britan tarapyna duşuşygy geçirmek başlangyjy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Taraplar Birleşen Patyşalyk bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler: energetika we dekarbonizasiýa, şol sanda nebitgaz pudagyny dörebaplaşdyrmak we dikeldilýän energetikany ösdürmek; Londonyň dünýäniň öňdebaryjy maliýe merkezleriniň biri hökmündäki tejribesini ulanmak bilen maliýe we söwda tehnologiýalary.
Meredow Türkmenistanyň täze formatyň çäginde-de, ikitaraplaýyn esasda-da işjeň hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady. Mejlise gatnaşyjylar halkara gün tertibiniň sebit meselelerine hem seretdiler.
Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi