23 Maý 2023
214
Balkan welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen
üpjünçiligi müdirligi hem-de Gyzylarbat etrabynyň zähmet we ilatyň iş
bilen üpjünçiligi bölümi 2023-nji ýylyň 2-nji iýunynda Gyzylarbat
etrabynyň Ý.Geldimämmedow köçesiniň 18-nji jaýynda, sagat 10:00-dan 13:00-a çenli
boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär!
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň,
özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä
wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa şahsyýetini
tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini
tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy: Gyzylarbat
etrabynyň Ý.Geldimämmedow köçesiniň 18-nji jaýy
Habarlaşmak üçin telefon
belgiler:
+993246 54403;
+993246 54430;
+993246 53772.