12 Iyun 2023
817
Ahal
welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi hem-de Kaka
etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi
2023-nji ýylyň 23-nji iýunynda Kaka etrabynyň Kaka şäheriniň
Rowaçlyk köçesiniň 2-nji jaýynda ýerleşýän zähmet we ilatyň iş bilen
üpjünçiligi bölüminde sagat 10:00-dan 12:00-a çenli boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini
geçirýändigini habar berýär!
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy
telekeçileriň, özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen
bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa şahsyýetini
tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini
tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy:
Kaka şäheriniň Rowaçlyk köçesiniň 2-nji jaýynda ýerleşýän zähmet we ilatyň
iş bilen üpjünçiligi bölümi
Habarlaşmak
üçin telefon belgiler:
+99313331738