19 Iyun 2023
800
Balkan welaýatynyň Zähmet
we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi hem-de Balkanabat
şäheriniň zähmet
we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2023-nji ýylyň 23-nji iýunynda Balkanabat şäheriniň Atamyrat Annanyýaz ogly köçesiniň ugrunda ýerleşýän
Sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Balkanabat köpugurly sport
toplumynda, sagat 10:00-dan 12:00-a çenli boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini
geçirýändigini habar berýär!
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň,
özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä
wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasy,
eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen
agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň
geçiriljek ýeriniň salgysy: Balkanabat şäheriniň Atamyrat Annanyýaz ogly
köçesiniň ugrunda ýerleşýän Sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň
Balkanabat köpugurly sport toplumy.
Habarlaşmak üçin telefon
belgiler:
+993222 28836;
+993222 28445.