23 Iyun 2023
916
Balkan welaýatynyň Zähmet
we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi hem-de Magtymguly
etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen
üpjünçiligi bölümi 2023-nji
ýylyň 3-nji iýulynda Magtymguly
etrabynyň Durdyhan ýanyk köçesiniň 7-nji
jaýynda sagat 09:00-dan 11:00-a çenli boş iş orunlarynyň ilata
hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär!
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň,
özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä
wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasy,
eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen
agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň
geçiriljek ýeriniň salgysy: Magtymguly
etrabynyň Durdyhan ýanyk köçe, 7-nji jaýy.
Habarlaşmak üçin telefon
belgiler:
+993248 40420;
+993248 41204.
Okamak