23 Iyun 2023
1027
Ahal
welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi hem-de Babadaýhan etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2023-nji ýylyň 7-nji
iýulynda Babadaýhan şäheriniň Gülzar köçesiniň 1-nji jaýynda ýerleşýän
Medeniýet bölüminiň edara binasynda sagat 10:00-dan 12:00-a çenli ilata boş iş orunlarynyň
hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär!
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy
telekeçileriň, özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen
bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa şahsyýetini
tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini
tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy:
Babadaýhan şäheriniň Gülzar köçesiniň 1-nji jaýynda ýerleşýän Medeniýet
bölüminiň edara binasy
Habarlaşmak üçin telefon
belgiler:
+99313630740.