13 Iyul 2023
954
Wekilbazar etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen
üpjünçiligi bölümi 2023-nji
ýylyň 20-nji iýulynda Wekilbazar etrabynyň Medeniýet bölüminde, sagat 10:00-dan 12:00-a
çenli boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär!
Kärhanalaryň,
guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň, özlerindäki boş iş
orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň
gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän
raýatlaryň bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet
depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä
gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy: Wekilbazar etrabynyň Mollanepes
adyndaky şäherçesiniň Türkmenistan köçesiniň
1-nji jaýy.
Habarlaşmak üçin telefon belgiler:
+993558-6-11-94
+993564-6-11-95