Ýurdumyzyň ilaty üçin
hödürlenýän sanly hyzmatlaryň gerimini giňeltmek hem-de sanly hyzmatlaryň
elýeterliligini gazanmak maksady bilen, Ministrligiň mlsp.gov.tm domen ady
bilen hereket edýän web-saýtynda “Elektron hasabat” atly sanly hyzmat
döredildi. “Elektron hasabat” sanly hyzmatyň kömegi bilen iş berijiler Zähmet
we ilatyň iş bilen üpjünçiligi edaralaryna tabşyrylýan pudaklaýyn statistik
hasabatlaryny onlaýn tertipde tabşyryp bilerler.
Sanly hyzmatdan
peýdalanmaga isleg bildirýän iş berijiler degişli Zähmet we ilatyň iş bilen
üpjünçiligi bölümlerine ýüz tutup bilerler.
Okamak