Türkmenistanyň telekeçileri üçin 2021-nji ýylyň II ýarymýyllygynyň pensiýa gatançlaryny tölemegiň hasabat döwri başlandy. Bu barada Pensiýa gaznasy Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň web saýtynda habar berýär.
Pensiýa gatançlary “Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 23-nji maddasyna laýyklykda, 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan 15-nji fewraly aralygynda tölenýär.