Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda aýlyk zähmet haklary 10% ýokarlandy

Täze, 2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken resminamalarynda göz öňünde tutulan ilaty durmuş taýdan goramagyň täze çäreleri bilen durmuşa geçirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň geçen ýylyň 8-nji oktýabryndaky Permanyna laýyklykda, birinji ýanwardan döwlet býujetinden maliýeleşdirilýän edaralaryň, hojalyk hasaplaşygyna we jemgyýetçilik birleşikleriniň kärhanalaryna degişli işgärleriň aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberleri 10 göterim ýokarlandyryldy. Bu Türkmenistanyň köpýyllyk tejribesindäki nobatdaky ädimdir. Halkymyzy durmuş taýdan goramak babatda amala aşyrylýan şeýle ulgamlaýyn çäreler milli ykdysadyýetiň durnuklylygyna we Türkmenistanyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesine eýerýändigine şaýatlyk edýär.

Ýurdumyz boýunça aýlyk haklarynyň iň az möçberi ýaly möhüm görkezijileriň Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda 1050 manada çenli ýokarlandyrylmagy hem ýokarda aýdylanlaryň tassyklanmasydyr. Aýlyk haklarynyň iň az möçberiniň köpeldilmegi köp sanly döwlet kömek pullarynyň ýokarlandyrylmagyna täsir edýär we ykdysadyýetiň pudaklarynda zähmet haklaryny bellemegiň ugurlaryny kesgitleýär. Bu görkezijiler iş berijiler bilen şol işleri ýerine ýetirijileriň arasyndyky zähmet gatnaşyklaryny kadalaşdyrmakda örän möhümdir hem-de zähmeti guramagyň we işleriň görnüşlerine garamazdan iş tabşyryjylaryň ählisi üçin hökmandyr. Aýlyk haklarynyň häzirki iň az möçberinden ugur alyp ─ göwrelilik, kesellilik, kiçi ýaşly çaga seretmek we ilata berilýän beýleki kömek pullarynyň hasaby çykarylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan 2021-nji ýylyň 13-nji noýabrynda tassyklanan «Ilaty durmuş taýdan goramak hakyndaky Türkmenistanyň Kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň» düzgünleri eýýäm şu ýylyň başyndan güýje girdi. Kanun göwrelilik, çaga dogranlygy üçin berilýän bir gezeklik kömek pulunyň, kiçi ýaşly çaga seretmek boýunça aýlyk tölegleriň möçberini ep-esli ýokarlandyrmagy we ilatyň beýleki toparlaryny durmuş taýdan goramak çärelerini göz öňünde tutýar.

Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” internet neşiri habar berýär.


Yza

Şeýle hem okaň