Türkmenistanyň Hökümet wekiliýeti Eýranyň prezidenti bilen duşuşdy

Şu gün – 9-njy ýanwarda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi Eýrana iş sapary bilen baran Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Hökümet wekiliýetini kabul etdi.

Duşuşygyň başynda türkmen tarapy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny ýetirdiler.

Işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda häzirki wagtda Türkmenistanyň we Eýranyň arasyndaky syýasy-diplomatik, ykdysady we medeni ulgamlardaky döwletara gatnaşyklaryň deňhukuklylyk, özara ynanyşmak we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri esasynda işjeň ösdürilýändigi barada bellenildi.

Şunuň bilen baglylykda, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Döwlet Baştutanlarynyň 15-nji Sammitiniň işine gatnaşmagynyň çäklerinde, 2021-nji ýylyň noýabrynda Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň Prezidenti bilen Eýranyň Prezidentiniň arasyndaky gepleşikler iki ýurduň arasyndaky özarabähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem ösdürilmegine itergi berdi.


Yza

Şeýle hem okaň