Türkmengala etrabynyň zähmet we
ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2023-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda
Türkmengala etrabynyň medeniýet
bölüminde sagat 09:00-dan 11:00-a çenli aralykda boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini
geçirýändigini habar berýär!
Kärhanalaryň,
guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň özlerindäki boş iş orunlary
baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny
üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän
raýatlaryň bolsa, şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet
depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä
gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek
ýeriniň salgysy: Türkmengala şäheriniň Magtymguly köçesiniň 11-nji jaýy.
Habarlaşmak üçin telefon belgiler:
+993569-3-06-26
+993569-3-06-29