2024-nji
ýylyň önümçilik
senenamasy
hakynda
Iş wagtynyň ölçegleri 8 sagatlyk iş gününden ugur alnyp bäş günlük 40
sagatlyk iş hepdesiniň, 7 sagatlyk iş gününden ugur alnyp alty günlük 40
sagatlyk iş hepdesiniň we 6 sagatlyk iş gününden ugur alnyp alty günlük 36
sagatlyk iş hepdesiniň senenamasy boýunça hasaplanandyr.
Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasyna
laýyklykda, şu aşakdaky baýramçylyk we hatyra günlerinde kärhanalarda,
guramalarda we edaralarda işlenilmeýär: 1-nji ýanwar - Täze ýyl baýramy; 8-nji
mart - Halkara zenanlar güni; 21-22-nji mart - Milli bahar baýramy; 18-nji maý -
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni;
27-nji sentýabr - Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni; 6-njy oktýabr - Hatyra güni;
12-nji dekabr - Halkara bitaraplyk güni. Şeýle hem 2024-nji ýylda 10-njy aprelde - Oraza baýramy we 16-17-18-nji
iýunda - Gurban baýramy belleniler. Şu günleriň
öňündäki günüň iş wagty Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 61-nji maddasyna
laýyklykda 1 sagat ir tamamlanmalydyr.
Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 62-nji maddasyna laýyklykda, iş tertibi
düzülende gijeki iş wagtynda işiň dowamlylygynyň 1 sagat gysgalýandygy göz
öňünde tutulmalydyr. Şol sebäpli, iki dynç alyş günli, bäş günlük iş hepdesinde
üç iş çalşygynda işleýänleriň iş wagtynyň ýyllyk gory, her gijeki iş wagtynyň 1
sagadynyň hasabyna azalýar.
Gijeki işiň dowamlylygy önümçiligiň şertlerine görä zerur bolan halatlarda,
hususan-da üznüksiz önümçiliklerde, şonuň ýaly-da bir dynç alyş günli alty
günlük iş hepdesi mahalyndaky çalşykly işlerde gündizki iş bilen
deňleşdirilýär.
Beýan edilenler bilen baglylykda, 2024-nji ýylda sagatlaýyn tarif
möçberleriniň iş wagtynyň ortaça aýlyk dowamlylygynyň (sagatlarda) gaýtadan
hasaplanylyşy şu aşakdaky ýaly bellenilýär:
40 sagatlyk iş hepdesi
üçin – 166,9
36 sagatlyk iş hepdesi
üçin – 151.
Bellik: Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan
goramak ministrliginiň 2023-nji ýylyň 13-nji oktýabryndaky 02/2175 belgili haty
bilen Türkmenistanyň
ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik
birleşikleriniň hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň
dykgatlaryna ýetirildi.