20 Noýabr 2023
165
Şu ýylyň 22 — 26-njy noýabry
aralygynda Eýran Yslam Respublikasynyň Yspyhan şäherinde Türkmenistanyň
Medeniýet günleri geçiriler.
Türkmenistanyň Eýran Yslam
Respublikasynda geçiriljek Medeniýet günleriniň çäklerinde taýýarlanan
meýilnama esasynda ýurdumyzyň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň we muzeý
gymmatlyklarynyň sergisini, medeniýet we sungat ussatlarynyň konsertini, iki
ýurduň senetçileriniň tejribe alyşmagy we döredijilik duşuşygyny, Gündogaryň
beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan
iki ýurduň alymlarynyň, ýazyjylarynyň hem-de şahyrlarynyň döredijilik
duşuşygyny, şeýle-de türkmen filmleriniň görkezilişini geçirmek
meýilleşdirilýär.
Mundan başga-da, meýilnama
esasynda türkmen wekiliýetiniň Eýranyň Yspyhan şäheriniň medeni ojaklaryna we
gözel ýerlerine baryp görmekleri, şeýle-de Türkmenistanyň Eýran Yslam
Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy mynasybetli iki ýurduň
medeniýet we sungat ussatlarynyň bilelikdäki dostluk konsertini hem geçirilmek
göz öňünde tutulýar.