2025-nji ýylyň 16-njy iýunynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Sloweniýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Alenka Suhadolnikden ynanç hatyny kabul etdi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça alyp barjak işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Ilçi hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, öz gezeginde, Sloweniýa Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň Prezident Serdar Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny, Türkmenistanyň halkyna bolsa abadançylyk, gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny ýetirdi.
Duşuşygyň dowamynda diplomat Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Şunda dünýä ýurtlary, şol sanda Ýewropa döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň Türkmenistanyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigine üns çekildi.
Şeýle hem söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistan bilen Sloweniýa Respublikasynyň arasynda dürli ugurlar boýunça ösdürilýän gatnaşyklaryň möhüm ähmiýeti bellenildi.
Duşuşygyň ahyrynda Sloweniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Alenka Suhadolnik mähirli kabul edilendigi hem-de netijeli duşuşyk üçin hoşallyk bildirip, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak ugrunda tagalla etjekdigine ynandyrdy.
Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi