Aşgabatda türkmen-azerbaýjan işewürlik maslahaty geçiriler

17-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerine, birnäçe resminamalaryň taslamalaryna hem-de beýleki käbir meselelere garaldy.

Hasabatyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça şu ýylyň 27-28-nji noýabrynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň 7-nji mejlisine taýýarlyk görlüşi barada habar berildi.

Bellenilişi ýaly, mejlise, esasan, nebitgaz pudagynda, dokma senagatynda, oba hojalyk we azyk önümçiliginde, gurluşykda we gurluşyk harytlarynda, derman senagatynda, ulag-logistika, maglumat tehnologiýalary ulgamlarynda we beýleki ugurlarda işleýän kompaniýalar gatnaşar. Şeýle hem forumyň çäklerinde Azerbaýjanyň kompaniýalarynyň, ýurdumyzyň işewür toparlarynyň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň we gepleşikleriň birnäçesini geçirmek göz öňünde tutulýar. Forumyň jemleri boýunça degişli resminamalaryň gol çekilmegine garaşylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmen-azerbaýjan işewürlik maslahatyna gowy taýýarlyk görmegiň zerurdygyny nygtady. Maslahatyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi


Yza

Şeýle hem okaň