2025-nji ýylyň 30-njy iýunynda Portugaliýanyň Porto şäherinde ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň 32-nji mejlisiniň çäginde Türkmenistan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: howpsuz we durnukly gelejek üçin köptaraplylygy berkitmek” atly ugurdaş çäräni geçirdi. Bu başlangyç Türkmenistanyň teklibi bilen yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy.
Çärede gutlag sözleri bilen ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň başlygy Pia Kauma, ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Fara Karimi, şeýle hem gatnaşyjy ýurtlaryň parlamentleriniň wekilleri çykyş etdiler.
Gatnaşyjylar halkara parahatçylygy, durnuklylygy we dialogy ösdürmegiň täsirli mehanizmi hökmünde bitaraplygyň ähmiýetini bellediler. Durnukly we howpsuz halkara gurşawyň esasy hökmünde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy, köpçülikleýin jogapkärçiligi we özara hormaty berkitmegiň ähmiýetine aýratyn üns berildi.
ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň wekilleri öz çykyşlarynda Türkmenistanyň Bitaraplyk daşary syýasatyny durmuşa geçirmek tejribesiniň ynanyşmagy we medeniýeti ösdürmek nukdaýnazaryndan gyzyklanma döredýändigini bellediler.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň parlament diplomatiýasyny pugtalandyrmak hem-de ÝHHG we beýleki halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin platforma hökmünde ähmiýeti aýratyn nygtaldy.
Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi