Aşgabatda Kuraş boýunça dünýä çempionaty badalga alýar

Paýtagtymyz Aşgabat ýene bir iri sport ýaryşynyň geçirilýän merkezine öwrüler. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararyna laýyklykda, 23 — 28-nji noýabrda ak mermerli paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty geçiriler.

Kuraş Merkezi Aziýada dörän we türki halklaryň däp bolan guşakly göreş sporty bolup durýar. Başa-baş söweşiň üç müň ýyllyk taryhynyň bolmagy ony bu sebitde iň meşhur sport görnüşleriniň birine öwrüpdir. Soňky ýyllarda kuraş bütin dünýäde işjeň ösdürilýär. 1998-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda döredilen Halkara kuraş assosiasiýasy häzirki wagtda Aziýadan 32, Afrikadan 22, Ýewropadan 33, Demirgazyk we Günorta Amerikadan 22, Okeaniýadan 9 — jemi 118 sany milli sport federasiýasyny özünde birleşdirýär.

Kuraş boýunça dünýä çempionatlary 1999 — 2022-nji ýyllar aralygynda her ýyl, 2005-nji ýyldan bäri bolsa her iki ýyldan bir gezek geçirilýär. 14-nji gezek geçirilýän şu gezekki dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň sanynyň iň ýokary görkezijide boljakdygy habar berilýär. Türkmenistanyň Kuraş federasiýasynyň berýän soňky maglumatlaryna laýyklykda, 490-dan gowrak wekil, şol sanda 53 döwletden türgenleriň 243-si, tälimçiler, eminler we beýleki resmi adamlar Aşgabatda geçiriljek çempionata gatnaşjakdyklaryny mälim edip ýüz tutdular. Munuň özi ozal dürli ýurtlarda geçirilen Kuraş boýunça dünýä çempionatlarynyň görkezijilerinden has ýokarydyr.

Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda guraljak dünýä çempionatynda 15 medal toplumy ugrunda 7 erkek we 8 zenan agram derejesinde tutluşyklar meýilleşdirilýär.

Aşgabatda geçiriljek dünýä çempionatynda ýurdumyzyň sport abraýyny mundan beýläk-de belende galdyrmak ugrunda türgenlerimiziň öňünde möhüm wezipe durýar. Şeýle belent maksatlara ýetmek üçin hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň aladalary esasynda, Diýarymyzda uly işler amala aşyryldy.

Şeýlelikde, dünýäniň dürli ýurtlarynyň wekillerini bir ýere jemlejek bu ýaryş türgenlerdir janköýerler üçin parahatçylygyň, dostlugyň we sportuň iri baýramçylygy bolar.

 

Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr»

Okamak
Yza

Şeýle hem okaň