Hökümetiň 4-nji iýulda geçirilen nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ýurtda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň çäklerinde ýerine ýetirilýän işler barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak boýunça halkara guramalar bilen tejribe alyşmak we hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, degişli işler alnyp barylýar. Şunda BMG-niň Ösüş maksatnamasyna möhüm orun degişli. Bu işleriň çäklerinde halkara derejede tejribe alyşmaga, öňdebaryjy tejribeleri öwrenmäge we bu ugurda hünärmenleri taýýarlamaga möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, agentligiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurtda sanly ykdysadyýeti ösdürmek we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini, bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanýandygyny aýtdy.
Döwlet Baştutany «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen Estoniýa Respublikasynyň degişli akademiýasynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak baradaky teklibi makullap, agentligiň ýolbaşçysyna degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi