Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdy ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek babatda öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Döwlet Baştutany iş maslahatyny açyp, tebigy gazy daşary ýurtlara ibermegiň ugurlaryny geljekde has-da ösdürmek meseleleriniň ähmiýetlidigine ünsi çekip, bu babatda öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak kararyna gelendigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideri Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanowa söz berdi.
Wise-premýer döwlet Baştutanynyň türkmen tebigy gazynyň dünýä bazarlaryna iberilýän möçberlerini artdyrmak, halkara gaz geçirijileriň ugurlaryny giňeltmek boýunça beren tabşyryklaryny üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, degişli düzümleriň utgaşykly işiniň ýola goýuljakdygyna ynandyrdy.
Milletiň Lideri hasabaty diňläp, önümçiligiň diwersifikasiýalaşdyrylmagynyň we sanly ulgama geçirilmeginiň Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň kuwwatyny artdyrmagyň wajyp strategiýasy bolup durýandygyny belledi.
Şeýlelikde, ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň sazlaşykly ösüşinde ýangyç-energetika toplumyna möhüm orun degişlidir diýip, döwlet Baştutanymyz bu pudakda ýerine ýetirilýän işleriň häzirki döwrüň talabyna laýyk gelmegi, onda täzeçil tehnologiýalaryň ulanylmagy bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidigine ünsi çekdi.
Şol bir wagtyň özünde türkmen tebigy gazyny üstaşyr geçirýän ýurtlar bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň işjeňleşdirilmegine hem zerur üns berilmelidir diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir gününiň türkmen döwletini hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça täzeçil, oňyn başlangyçlaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine ynamly şaýatlyk edýän, ýatda galyjy wakalara beslenýändigini aýdyp, eziz Diýarymyzyň ykdysadyýetiniň kuwwatlanmagy we pudaklaryň durnukly ösüşiniň üpjün edilmegi ugrunda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik kuwwatlyklarynyň ösdürilmeginiň, onuň eksport mümkinçilikleriniň ýokarlanmagynyň milli ykdysadyýetimiz üçin bähbitlidigini belläp, wise-premýer nebitgaz pudagynyň işini ylmyň gazananlary esasynda kämilleşdirmek, ýangyç serişdeleriniň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak meseleleriniň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi we bu ugurda alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda zerur tagallalaryň ediljekdigini aýtdy.
Iş maslahatynyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow döwlet Baştutanynyň halkara ähmiýetli başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan giň goldawa eýe bolýandygy, munuň şol başlangyçlarda tutuş adamzat ähmiýetli bähbitleriň nazarda tutulýandygynyň aýdyň beýanydygy barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň hem-de beýleki halkara forumlaryň mejlislerinde degişli meseleler boýunça Türkmenistanyň garaýşyny ençeme gezek beýan edendigini aýdyp, wise-premýer Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň netijeli başlangyçlary esasynda 2008-nji we 2013-nji ýyllarda kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde onuň hyzmaty» hakynda Kararnamalary bilen berkidilmeginiň Türkmenistanyň we döwlet Baştutanymyzyň halkara giňişlikdäki abraýynyň belende galýandygyny aňladýandygyny nygtady.
Döwlet Baştutany Türkmenistanyň dünýä derejesindäki energetika döwleti hökmünde eýeleýän ornunyň barha pugtalanýandygy, bu babatda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyna möhüm ornuň degişlidigini belläp, alnyp barylýan halkara hyzmatdaşlygy köpugurly esasda ösdürmek üçin zerur tagallalaryň yzygiderli edilmelidigini belledi.
Türkmenistan tarapyndan öňe sürülýän başlangyçlar üçünji müňýyllygyň beýik maksatlaryna ýetmäge hem-de BMG-niň kabul eden 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş boýunça Gün tertibine laýyklykda, öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine gönükdirilendir diýip, milli Liderimiz belledi we ýurdumyzyň halkara giňişlikde eýeleýän ornuny mundan beýläk-de pugtalandyrmak ugrunda hemmetaraplaýyn tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýangyç-energetika ulgamy boýunça taýýarlanylan iri möçberli taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagyna örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn çemeleşilmelidigini belledi.
Döwlet Baştutany maslahaty tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.