Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan jenap Serjio Mattarella Italiýa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.
Döwlet Baştutany öz hatynda soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Italiýa Respublikasynyň arasyndaky dürli ugurlar boýunça ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeliligi, özara bähbitliligi we işjeň häsiýeti bilen tapawutlanýandygyny belläp, bu gatnaşyklary täze derejelere çykarmak üçin zerur işleri bilelikde dowam etmäge taýýardygyny tassyklady.
Türkmen Lideri şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Italiýa Respublikasynyň Prezidentine berk jan saglyk we Italiýanyň halkynyň öňe gitmegine hem-de gülläp ösmegine gönükdirilen ähli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.