Ahal
welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi hem-de Babadaýhan
etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2024-nji ýylyň 14-nji fewralynda
Babadaýhan şäheriniň Gülzar köçesiniň 1-nji jaýynda ýerleşýän Babadaýhan
etrabynyň Medeniýet bölüminiň edara binasynda sagat 10:00-dan 12:00-a çenli boş
iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär!
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy
telekeçileriň, özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen
bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa şahsyýetini
tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini
tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň
salgysy:
Babadaýhan şäheriniň Gülzar
köçesiniň 1-nji jaýynda ýerleşýän Babadaýhan etrabynyň Medeniýet bölüminiň
edara binasy
Habarlaşmak üçin telefon
belgiler:
+99313630740