Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy üçünji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşdy

1-2-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow üçünji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmak maksady bilen, Türkiýe Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.

Antalýanyň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny resmi adamlar, Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri garşyladylar. Asylly däbe görä, türkmen milli lybasyndaky oglanjyk we gyzjagaz Gahryman Arkadagymyza gül desselerini gowşurdylar. Howa menzilinden Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sapar wagty özi üçin niýetlenen kabulhana tarap ugrady.

Günüň birinji ýarymynda Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşygy boldy.

Duşuşygyň öňüsyrasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de Türkiýäniň Baştutany iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler.

Prezident Rejep Taýyp Ärdogan Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy mähirli mübärekläp, Türkiýä gelip görmäge we üçünji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, bilelikdäki tagallalar esasynda ýylsaýyn täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýan döwletara gatnaşyklaryň ynanyşykly we netijeli häsiýetini nygtady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkiýe Respublikasy bilen strategik hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Gahryman Arkadagymyz Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmaga çakylygy üçin Prezident Rejep Taýyp Ärdogana minnetdarlyk bildirdi we mümkinçilikden peýdalanyp, Türkiýäniň Prezidentini 70 ýaş ýubileýi bilen tüýs ýürekden gutlady, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Bellenilişi ýaly, iki ýurduň we olaryň halklarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda bitiren aýratyn hyzmatlary, köpýyllyk döwletara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine goşan uly şahsy goşandy üçin, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, türk Liderine Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulusy” diýen ady dakyldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Prezident Rejep Taýyp Ärdogany bu ýokary adyň dakylmagy bilen gutlap, oňa berk jan saglyk, uzak ömür, ýokary döwlet wezipesinde alyp barýan jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Halkymyzyň asylly däbine görä, Gahryman Arkadagymyz 70 ýaş ýubileýi mynasybetli türk Liderine türkmen milli içmegini sowgat berdi. Içmek sary reňkli ýokary hilli deriden taýýarlanyp, nagyşlar bilen bezelipdir. Däp bolşy ýaly, içmek il içinde uly abraýdan peýdalanýan adamlara aýratyn hormatyň nyşany hökmünde gowşurylýar. Şeýle hem türkmen içmegi rahatlygy, ýylyň islendik paslynda geýmek üçin amatlydygy bilen tapawutlanýar.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, içmegi boýamak üçin nar gabygyndan taýýarlanylan tebigy boýag ulanylypdyr. Ony bezeýän goçak nagşy hem gözden-dilden gorasyn diýen ynanç bilen salnypdyr. Içmegiň reňklerinde türkmen tebigatynyň, onuň giň sähralarynyň öz beýanyny tapýandygyny nygtamak gerek. Gahryman Arkadagymyz milli lybasyň bu görnüşiniň bezeg aýratynlyklary barada aýtmak bilen, olaryň her biriniň belli bir manyny aňladýandygyny belledi. Meselem, üçburçluk şekilindäki nagyşlar asmany, Zemini we suwy aňladyp, gözbaşyny Oguz han döwründen alyp gaýdýar. Şeýlelikde, türkmen ussatlarynyň, halyçylarynyň, keşdeçileriniň, zergärleriniň we beýleki halk senetçiliginiň wekilleriniň özboluşly däpleri asyrlaryň jümmüşine uzap gidýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Rejep Taýyp Ärdogany ýene-de bir gezek ýubileý ýaş toýy bilen gutlap, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Soňra Gahryman Arkadagymyz we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti ýadygärlik surata düşdüler.

Prezident Rejep Taýyp Ärdogan türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa gutlaglar, hoşniýetli arzuwlar, ajaýyp sowgat üçin tüýs ýürekden hoşallygyny bildirdi. Şeýle hem ol Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulusy” diýen adynyň dakylmagynyň özi üçin uly hormatdygyny we muňa ýurtlarymyzyňdyr halklarymyzyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň mizemezliginiň nyşany hökmünde garaýandygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, Türkiýede Türkmenistan bilen giň gerimli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýärler, onuň saýlap alan döredijilikli ýolundaky gazanýan üstünliklerini uly ruhubelentlik bilen kabul edýärler.

Duşuşygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Prezident Rejep Taýyp Ärdogan türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesine kanagatlanma bildirdiler. Halklarymyzyň taryhyň dowamynda emele gelen umumylygyna esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda üstünlikli ösdürilýändigi nygtaldy. Türkmenistan we Türkiýe köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen, “Bir millet — iki döwlet” ýörelgesinden ugur alýarlar. Bu bolsa ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasdaky netijeli gatnaşyklar üçin berk binýat bolup hyzmat edýär.

Ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, türkmen halkynyň Milli Lideri ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň okgunly ösdürilýändigini we onuň 2,5 milliard amerikan dollaryndan gowrakdygyny nygtady. Bar bolan kuwwatlyklar bu görkezijini 5 milliard amerikan dollaryna çenli ýetirmäge mümkinçilik berýär. Şunuň bilen birlikde, türkmen bazarynda türk kompaniýalarynyň iş alyp barýandyklary we özlerini ýurdumyzyň ygtybarly hyzmatdaşlary hökmünde görkezendikleri bellenildi.

Şeýle-de duşuşykda Türkiýä türkmen elektrik energiýasyny eksport etmek, dostlukly ýurda türkmen tebigy gazyny “swap” usuly arkaly ibermek bilen baglanyşykly meselelere seredildi. Ulag-kommunikasiýa ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň dowamynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň halkara giňişlikde uly meşhurlyga eýe bolýandygyny belledi. Gaznanyň dünýäniň dürli künjeklerinde ejir çekýän çagalara iberen ynsanperwerlik kömekleri haýyr-sahawat işleriniň rowaçlanýandygynyň nobatdaky beýanyna öwrüldi diýip, Prezident Rejep Taýyp Ärdogan aýtdy we munuň üçin Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize hoşallygyny beýan etdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy türk Liderini Türkmenistana sapar bilen gelmäge hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli halkara çärelere gatnaşmaga çagyrdy.

Prezident Rejep Taýyp Ärdogan çakylyk üçin hoşallyk bildirip, eserleri dünýä medeniýetiniň genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegi bolan beýik türkmen şahyrynyň we akyldarynyň döredijiligine Türkiýede ýokary baha berilýändigini, Magtymgulynyň goşgularynyň türk diline terjime edilendigini we doganlyk ýurtda uly meşhurlyga eýedigini belledi.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Prezident Rejep Taýyp Ärdogan däp bolan döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege, iki ýurduň doganlyk halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Duşuşyk tamamlanandan soňra, Gahryman Arkadagymyzyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Hususan-da, Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda uglewodorod serişdeleri babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça meýiller hakynda Jarnama; “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Türkiýe Respublikasynyň Energetika we tebigy serişdeler ministrliginiň arasynda tebigy gaz ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesi babatda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen Türk aeronawtika birleşigi uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sapar wagty özi üçin niýetlenen kabulhana ugrady.

Şol gün Gahryman Arkadagymyz “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy.

Işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, türkmen halkynyň Milli Lideriniň Türkiýe Respublikasyna şu gezekki saparynyň we üçünji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmagynyň döwletara dialogyň taryhynda möhüm waka bolup durýandygyny belledi. Şunda “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýurdumyz bilen köpýyllyk hyzmatdaşlyga tüýs ýürekden buýsanýandygy nygtaldy.

Hormatly Arkadagymyz asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan türkmen-türk gatnaşyklarynyň häzirki wagtda okgunly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belläp, ýurtlarymyzyň özara hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlary, şol sanda energetika, dokma senagaty, gurluşyk we beýleki pudaklary öz içine alýandygyny nygtady. Türkmenistanda durmuşa geçirilýän giň möçberli toplumlaýyn maksatnamalar daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmek, bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin amatly şertleri döredýär. Şunda ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmeleriň, innowasion çözgütleriň we ekologik taýdan arassa öňdebaryjy tehnologiýalaryň ulanylmagy üýtgewsiz talap bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, türk kompaniýalarynyň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine goşýan uly goşandy bellenildi.

“Çalyk Holding” kompaniýasy tarapyndan gurlan we iň täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan saglygy goraýyş, önümçilik, energetika desgalary Türkmenistan üçin uly ähmiýete eýedir. Hazar deňziniň kenarýakasynda gurulýan, kuwwaty 1574 megawat bolup, utgaşykly dolanyşykda işlejek elektrik stansiýasy bolsa türkmen elektrik energiýasynyň goňşy döwletlere eksportyny artdyrmaga, ony doganlyk Türkiýe Respublikasyna we beýleki ugurlara ibermäge mümkinçilik berer.

Işewür bildirilýän ynam üçin çuňňur hoşallygyny beýan edip, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän iri infrastruktura taslamalaryna gatnaşmagynyň türk kompaniýasy üçin uly hormatdygyny nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Ahmet Çalyk türk hyzmatdaşlaryň öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge mundan beýläk-de jogapkärçilikli çemeleşjekdiklerine hem-de özlerine ynanylan desgalardaky ähli işleri bellenen möhletlerde, ýokary hilli ýerine ýetirjekdiklerine ynandyrdy.

Iş saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen hem duşuşdy.

Işewür ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, Türkiýäniň işewür toparlarynyň uly ykdysady kuwwaty bolan Türkmenistan bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri biziň ýurdumyzyň hem Türkiýe Respublikasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belläp, iki halkyň arasynda asyrlaryň dowamynda ýola goýlan taryhy-medeni gatnaşyklaryň däp bolan döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolup hyzmat edýändigini aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda hususy pudak boýunça köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň söwda-ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegine, onuň mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegine uly goşant goşýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, “Rönesans Holding” kompaniýasynyň köp ýyllaryň dowamynda türkmen bazarynda üstünlikli işläp gelýändigi, şähergurluşyk, nebitgaz we himiýa senagaty ulgamlaryndaky ähmiýetli taslamalaryň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşýandygy bellenildi.

Erman Ylyjak “Rönesans Holdingiň” Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändigini we munuň üçin bar bolan mümkinçiliklerini, tejribesini ulanmaga taýýardygyny aýdyp, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň özüne bildirilen ynama tüýs ýürekden buýsanýandygyny aýratyn belledi.

Duşuşygyň ahyrynda işewür türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň meselelerine üns berýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza çuňňur hoşallygyny bildirip, “Rönesans Holding” kompaniýasynyň öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Günüň ikinji ýarymynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow üçünji Antalýa diplomatiýa forumynyň geçirilýän ýeri bolan “Nest” kongresler merkezine ugrady. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy resmi adamlar garşyladylar.

Mälim bolşy ýaly, Antalýa diplomatiýa forumy (ADF) möhüm ählumumy we sebit meseleleri boýunça pikir alyşmak, häzirki zamanyň wehimleriniň çözgütlerini tapmak, hyzmatdaşlygyň täze, netijeli ugurlaryny işläp taýýarlamak üçin giň dialog meýdançasyny döretmäge gönükdirilen başlangyçdyr.

“Nest” kongresler merkezinde bu köptaraplaýyn duşuşyga gatnaşýan wekiliýetleriň ýolbaşçylaryny Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan mähirli mübärekledi.

Soňra üçünji Antalýa diplomatiýa forumynyň resmi açylyş dabarasy boldy.

Prezident Rejep Taýyp Ärdogan ýygnananlara ýüzlenip, belent mertebeli myhmanlary hem-de wekiliýet agzalaryny ýene-de bir gezek mähirli mübärekledi we şu gezekki foruma gatnaşýandyklary üçin hemmelere hoşallyk bildirip, bu duşuşygyň ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Üçünji Antalýa diplomatiýa forumynyň resmi açylyş dabarasy tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň ýokary wezipeli wekili bilen bilelikde “Nest” kongresler merkeziniň “Amfiteatr” mejlisler zalyna bardy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz foruma gatnaşyjylaryň öňünde çykyş etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri wekiliýetleriň ýolbaşçylaryny we agzalaryny mübärekläp, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana şu günki möhüm çärä gatnaşmaga çakylygy hem-de görkezilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirdi.

Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynyň esasy meselesine geçip, halkara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy biziň öňümizde birnäçe düýpli soraglary, özi-de diňe bir syýasy, ykdysady, hukuk babatda däl-de, eýsem, ahlak, adalatlylyk we abraý-mertebe gatnaşyklaryna degişli soraglary hem goýýar diýip nygtady. Häzirki döwürde bu düşünjeler bitewüdir diýip hasap edýärin. Şoňa görä-de, syýasy howpsuzlygy, durnuklylygy, ykdysady ösüşi goldamak üçin taryhy ornuna, ilatynyň sanyna, jemi içerki önüminiň möçberine, harby mümkinçiligine ýa-da tehnologik derejesine garamazdan, ähli halklary hem-de döwletleri bu işe doly çekmek zerur. Olaryň şu günki we geljekki dünýä gurluşynyň deňhukukly agzalarydyr subýektleri bolmaga kanuny hukuklaryny ykrar etmek gerek diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam etdi. Bu babatda Türkmenistanyň garaýşy berk we aýdyňdyr: häzirki çylşyrymly döwürde bu sorag diňe ählumumy tagallalar arkaly, halkara hukugyň ykrar edilen kadalary, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasy esasynda çözülip bilner we çözülmelidir.

Dünýä bileleşiginiň jogapkärli agzasy hökmünde ýurdumyz şu maksada ýetmekde öz üstüne borçnamalary alýar.

Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda biziň ýurdumyz bu guramanyň howandarlygynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak baradaky teklip bilen çykyş etdi. Biz muny XXI asyrda döwletara we halkara gatnaşyklaryň gurluşy babatda garaýyşlaryň hem-de kadalaryň ulgamy, ony gazanmagyň guraly hökmünde görýäris diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady we Türkmenistanyň teklip edýän başlangyçlary barada jikme-jik durup geçdi. 

Ilki bilen, biz Ählumumy howpsuzlyk strategiýasynda syýasy orny we ähmiýeti barha artýan, ösüp barýan ýurtlaryň örän aýdyň, abraýly ornuny görýäris. Bu bolsa yzygiderli hem-de oňyn meýildir. Bu ýagdaý üns berilmegini we Birleşen Milletler Guramasynyň strategik meýilnamalarynda degişli derejede berkidilmegini talap edýär diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň ählumumy howpsuzlygy üpjün etmekde sebit guramalarynyň we döwletara birleşikleriň üsti bilen, özi-de diňe bir syýasy däl, eýsem, ykdysady, ynsanperwer ugurlar boýunça hem işleri güýçlendirmegi maksadalaýyk hasaplaýandygy nygtaldy. Bu meselede ýöriteleşdirilen düzümleriňdir institutlaryň-da pikirlerini diňläp, olary dünýä syýasatynyň esasy soraglaryny çözmäge çekmeli.

Birleşen Milletler Guramasyna ony esaslandyryjylar tarapyndan goýlan baş wezipesini — ählumumy parahatçylygy, deňhukukly hyzmatdaşlygy we ösüşi üpjün etmekde ýardam bermeli. Bu biziň diňe ahlak borjumyz bolman, eýsem, häzirki dünýäde ýüze çykýan töwekgelçiliklerdir howplara hakyky we obýektiw baha bermek babatda jogapkärçiligimiz bilen hem gönüden-göni baglydyr diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi. Şonuň ýaly-da, beýleki halkara düzümleriň we birleşikleriň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň, Ýer ýüzünde parahatçylygy üpjün etmek we dünýä gurluşy meseleleriniň çözgüdinde onuň sebit wekilhanalarynyň hem-de edaralarynyň ornuny, wezipesini ýokarlandyrmagyň zerurdygy nygtaldy.

Bitaraplygyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň mümkinçilikleri bu wezipeleri ýerine ýetirmegiň esasy guraly bolup hyzmat etmelidir. Munuň özi ähli gatnaşyjylaryň bähbitlerini göz öňünde tutýan, howpsuz, durnukly ählumumy gurluşy kemala getirmäge gönükdirilen bitewi dialogy ýola goýmak üçin şertleri üpjün etmegiň aýrylmaz bölegidir diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň biragyzdan çözgüdi we sebitiň ähli döwletleriniň goldamagy esasynda döredilen, ştab-kwartirasy Bitarap Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda ýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işi muňa aýdyň subutnamadyr. Biziň pikirimizçe, bu merkez bar bolan we bolup biljek gapma-garşylyklary çözmäge hem-de çylşyrymly ýagdaýlardan baş alyp çykmaga ulgamlaýyn çemeleşmegiň mysaly bolup biler.

Şunuň bilen baglylykda, Bitaraplygyň, onuň kadalarynyň, iş ýüzündäki usullarynyň halkara bileleşigiň häzirki döwürde ulanýan mümkinçiliklerinden has işjeň hem-de giň bolmalydygyna ynam bildirildi.

Bellenilişi ýaly, Bitaraplyk derejesi toparlanyşyklara gatnaşmazlygy we harby güýji ulanmazlygy göz öňünde tutýar. Bu ýörelgelere näçe köp döwlet eýerse, şeýle çemeleşmäniň tarapdarlary şonça köp, gapma-garşylyklaryň döremek ähtimallygy bolsa şonça az bolar. Şu soragda bitaraplyk sagdyn we jogapkärli güýçler, aýry-aýry döwletler ýa-da ýurtlaryň topary üçin ugur alyş nokady bolup biler. Munuň özi gapma-garşylykly ýagdaýlary aradan aýyrmaga mümkinçilik berýär, ýüze çykýan dawalar nähili kyn hem dowamly bolsa-da, olary parahatçylykly usullar, gepleşikler arkaly çözüp boljakdygyny görkezýär diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam etdi.

Şu garaýşa eýermek bilen, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň meýdançasynda Bitaraplygyň dostlary toparyny döretmek başlangyjyny öňe sürdi. Bu pikire eýýäm onlarça döwlet goşuldy diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy belledi we munuň oýlanyşykly çözgütdigine ynam bildirdi.

Häzirki dünýä mundan birnäçe onýyllyklardan öňki bolşuna meňzemeýär. Ol örän çylşyrymly, köpölçegli boldy, onda ençeme ugurdaş meýiller ýüze çykdy. Şolaryň biri-de geçiş döwrüniň ykdysadyýeti bolan ýurtlaryň ähmiýetiniň artmagydyr. Bu ýurtlar düýpli demografik, ylmy, önümçilik we serişde mümkinçiligine, köplenç bolsa geografik taýdan kesgitleýji mümkinçilige eýedir. Şu we beýleki şertler sebäpli, olara dünýä ykdysadyýetiniň öňdebaryjylarynyň, syýasy, durmuş, ynsanperwer ösüşi üpjün edijileriň biri hökmünde uly orun degişlidir. Geçiş ykdysadyýetli ýurtlar köp babatda durnukly, ýöne gaýtadan gurulmagy talap edilýän dünýä gurluşyna itergi bermeli, täze garaýyşlary, wezipeleri girizmeli diýip pikir edýärin diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri nygtady.

Gürrüň, ilkinji nobatda, Durnukly ösüş maksatlary hakynda barýar. Biziň pikirimizçe, häzirki zaman dünýä gurluşynyň esasy işlerine diňe geçiş ykdysadyýetiniň doly derejede gatnaşmak şertleri üpjün edilende, bu maksada ýetip bolar. Geljegiň ykdysady nusgasy hökmünde bu işlerde baýlyklaryň paýlanylyşyna olary ibermek we ulanmak ulgamyna aýratyn üns bermek zerurdyr. Täze çemeleşmeleri tapawutlandyrmazdan, syýasylaşdyrma, kemsitmelere ýol berilmeli däldir diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi. Şunda esasy ornuň iki ugra, hususan-da, energiýa birikmesine we ulaglaryň baglanyşygyna degişlidigi bellenildi.

Türkmenistan pes uglerodly energetika geçmek arkaly energiýa birikmesini amala aşyrmak ýaly strategik ugra eýerýär. Biz bu işde hem şeýle çemeleşmeler gerek diýip hasap edýäris. Munuň özi şeýle ýol bilen gitmäge çalyşýan döwletler üçin deň we birmeňzeş amatly şertleri kepillendirýär diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy. Bu olara energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalara elýeterlilik almak, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmakda öz howa we geografik artykmaçlyklaryny herekete getirmek üçin şertleri döreder. Häzirki döwür energiýanyň däp bolan çeşmeleriniň täze, «ýaşyl» gün tertibine esaslanýan görnüşleri bilen utgaşdyrylmagyny we sazlaşykly bolmagyny talap edýär.

Bu ugurda biz «ýaşyl» diplomatiýa hem-de dünýäde hyzmatdaşlyk etmegiň şeýle nusgasyny ileri tutmaga aýratyn orun berýäris. Munuň özi bilelikdäki jogapkärçilige, köpçülikleýin we toparlaýyn bähbitleri ýeňip geçmäge, geljege hyzmat etmäge esaslanmalydyr diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.

Ulag baglanyşygy babatda hem Türkmenistan düşnükli we adalatly garaýşy kemala getirmegiň zerurdygyndan ugur alýar. Bu ulgamda hyzmatdaşlyk ozal bar bolanlarynyň üstüni ýetirýän täze, çalşyp bolmajak çemeleşmelere gönükdirilip bilner. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Hazar we Gara deňizleriniň üstünden geçýän, Ýewropa, Ýakyn Gündogar, Aziýa — Ýuwaş umman sebitlerini bir bitewi ulag ulgamyna birleşdirýän Ýewraziýa multimodal üstaşyr ulag taslamalaryny durmuşa geçirmegiň üstünde işleýär. Elbetde, bu tagallalar düýpli syýasy-diplomatik ýardamy, Birleşen Milletler Guramasy derejesinde goldanylmagyny we çözgütleriň kabul edilmegini talap edýär. Bularyň ählisi Türkmenistanyň ulag durnuklylygy hem-de bu ugurda özara gatnaşyklar meseleleri boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň çäginde öňe sürlüp, biragyzdan goldaw tapýan başlangyçlarynda beýan edilendir. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri agza döwletleri diňe bir goldaw bermek bilen çäklenmän, degişli Kararnamalaryň düzgünleriniň kanunlaşdyrylmagyny gazanmaga, olarda görkezilen täzeçe pikirleriň we hyzmatdaşlygyň ugurlarynyň iş ýüzünde ulanylmagyny ilerletmäge çagyrdy.

Inklýuziw ulag ulgamynyň kemala getirilmeginiň halkara söwdanyň, maýa goýum işjeňliginiň artmagyna görnetin täsir etjekdigi düşnüklidir diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow belledi hem-de halkara maliýe we ykdysady institutlara, sebit düzümlerine halkara ulag taslamalaryna ýeterlik goldaw bermegi, strategik çözgütleriň kabul edilmegine gatnaşmagy teklip etdi. Şunda Türkmenistanyň bu ugurlar boýunça gepleşiklere açykdygy, olaryň milli we halkara taslamalary amala aşyrmaga gatnaşmaklary üçin ähli amatly şertleri döretmäge taýýardygy aýdyldy.

Ynsanperwer ölçeg hem ulag hyzmatdaşlygynda ähmiýeti barha artýan ýene bir möhüm ýagdaýdyr. Häzirki zaman dünýäsinde täze desgalar, gysga ugurlar arkaly adamlaryň ykjam, çalt hereketini üpjün etmek üçin şertler bar. Şunlukda, olaryň täze ýurtlara baryp görmek isleglerini kanagatlandyrmak, beýleki halklaryň wekilleri bilen gatnaşyk saklamaklary babatda goşmaça mümkinçilikler açylýar. Bu bolsa, öz gezeginde, Ýer ýüzüniň halklarynyň ýakynlaşmagyna we özara düşünişmegine ýardam berýän ynsanperwer ugurly gatnaşyklary ösdürmäge oňat itergi berýär.

Umuman, ykdysadyýetiň we durnukly ösüşiň binýatlyk nusgasyny döretmek boýunça bilelikdäki işlerimiz barada aýdylanda, Türkmenistan ony şu esasy ugurlary hökman öz içine alýan geçiş döwri diýip kesgitleýär: döwletleriň ylmy-tehniki ösüşiniň, sanlylaşdyrmagyň we innowasion standartlarynyň derejesini deňleşdirmeli; ykdysadyýetde, söwdada, ulagda, senagatda, çig maly çykarmakda we gaýtadan işlemekde hem-de beýleki ugurlarda ekologik ölçegler hökman ileri tutulmaly; ilatyň ekologiýa babatda sowatlylygyny, bilimini, habarlylygyny artdyrmaly; adamlar, aýratyn-da, ýaşlar üçin ykdysady işjeňlik, durmuşa höweslilik, toparlaýyn başlangyçlar, döredijilik, täzeçil garaýyşlar üçin şertleri döretmeli; dürli pudaklarda halkara derejede bilimdir tejribe alşylmagyna ulgamlaýyn we hemişelik esasda üns bermeli, ylmy hem-de ýaşlar diplomatiýalaryny höweslendirmeli diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.

Şunda Türkmenistan halkara guramalaryň, Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen agentlikleriniň wezipeleriniň işjeň ýerine ýetirilmegini zerur hasaplaýar, Hökümetler bilen göni gepleşikleri geçirmek, halkara hyzmatdaşlyk maksatnamalaryny ornaşdyrmak we ilerletmek ýaly ugurlarda araçyllyk işini ýerine ýetirmekde olaryň mümkinçiliklerinden peýdalanmagyň wajypdygyny belleýär.

Howa gün tertibi barada hem gysgaça durup geçmek isleýärin. Onuň ileri tutulýan ugur bolup galýandygy, häzirki ýüzýyllykda adamzadyň saýlap alan ýoluny kesgitleýändigi aýdyňdyr we munuň özi möhüm şertdir diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy aýratyn belledi. Nygtalyşy ýaly, howa görkezijileri arassa tebigy ýagdaýlaryň çäginden çykyp, döwletleriň ösüşine, halklaryň abadançylygyna, azyk howpsuzlygyna, suwa, arassa howa, durmuş maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyna, tutuş sebitlere we yklymlara täsirini ýetirýär. Mundan başga-da, olar ýurtlaryň häzirki dünýäniň gowulyklarynyň hem-de nygmatlarynyň adalatly paýlaýjysy, ylmy-tehniki ösüşlere gatnaşyjy, deňhukukly we ähmiýetli hyzmatdaş, arzan çig malyň, işçi güýjüniň çeşmesi hökmünde öz borçlaryna düşünmegine ägirt uly täsir edýär.

Şunuň bilen birlikde, howa gün tertibi şu günki günde ählumumy howpsuzlygyň we bilelikde parahat ýaşamagyň aýgytlaýjy çagyryşy hökmünde ilerledilýär. Türkmenistan howpsuzlygy üpjün etmäge düýpli çemeleşmegiň düzüm bölegi hökmünde howa meselesine ulgamlaýyn gözegçilik etmegiň, köptaraplaýyn gözegçilik usulyny döretmegiň hem-de howa, ekologik we tehnogen weýrançylyklaryň täsirini azaltmagyň tarapdary bolup çykyş edýär. Galyberse-de, bu soraglary Ýer ýüzüniň dürli sebitlerinde Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen merkezlerini döretmek arkaly hem çözüp bolar diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň indi birnäçe ýyl bäri BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkeziniň döredilmegi ugrunda çykyş edýändigini nygtap, bu başlangyjyň Milletler Bileleşiginde, halkara hyzmatdaşlarymyzyň arasynda goldaw tapjakdygyna ynam bildirdi.

Çykyşymyň başynda men ahlaklylyk, adalatlylyk we mertebe hakynda aýdypdym. Meniň pikirimçe, bu kadalar halkara gatnaşyklaryň ösüşini ynsanperwerleşdirmek hem-de adamlar hakdaky gündelik alada esaslanýar diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy. Bellenilişi ýaly, şu babatda häzirki zaman diplomatiýasy-da ýokary ynsanperwer ugra eýermelidir. Şahsyýetara gatnaşyklary, ýaşlaryň, çagalaryň özara hereketlerini, zenanlar guramalarynyň ugry boýunça, parlamentara, medeni, sport hyzmatdaşlygyny utgaşdyryjynyň wezipesini öz üstüne almalydyr. Çünki häzirki wagtda bu ugurlar halkara işlerde syýasy düşünişmezligiň, özara ynamyň pese gaçmagynyň derejesini azaltmakda aýratyn ähmiýete eýedir.

Diplomatiýanyň wezipesi we manysy gepleşikleri geçirmekden, ylalaşygy gözlemekden, özara gatnaşyklaryň mäkäm köprülerini gurmakdan ybaratdyr. Türkmenistanyň tagallalary, ine, hut şu ugurlara gönükdirilendir diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri nygtady we ýurdumyzyň bitaraplygy hem-de parahatçylyk dörediji döwlet hökmünde toplan tejribesini parahatçylygyň, adamzadyň sazlaşykly ösüşiniň bähbidine gönükdirip, bu işe öz goşandyny goşmaga hemişe taýýardygyny tassyklady.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow žurnalistleriň sowallaryna jogap berdi.

Gahryman Arkadagymyz Türkiýäniň döwlet teleradiokompaniýasynyň “TRT World” teleýaýlymynyň habarçysy Ýusuf Erimiň energiýa serişdelerini ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak nukdaýnazaryndan, energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge degişli sowalyna jogap berip, tebigy gazyň gorlary boýunça Türkmenistanyň dünýäde dördünji orny eýeleýändigini belledi. Şunda iri “Galkynyş” gaz känini aýdyň mysal hökmünde görkezmek bolar. Geçirilen soňky audite görä, bu gaz käniniň gory 27 trillion kub metrden hem gowrakdyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri bu baradaky gürrüňi dowam edip, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ýurdumyzyň başlangyjy esasynda birnäçe Kararnamalaryň kabul edilendigini nygtady. Türkmenistan öz tebigy gazyny köp döwletlere iberýär. Şunda önüm öndürijileriň, sarp edijileriň we üstaşyr geçirijileriň arasyndaky sazlaşygyň energetika hyzmatdaşlygynda möhüm görkeziji bolup durýandygy bellenildi.

Türkmenistan “Açyk gapylar” ýörelgesine esaslanýan daşary syýasy ugry durmuşa geçirmek bilen, mawy ýangyjy dürli ugurlar boýunça ibermek üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýedir. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz şu saparyň çäklerinde degişli resminamalara gol çekilendigini habar berdi. Şeýle hem tebigy gazy gaýtadan işlemek we eksport etmek üçin ýurdumyzyň mümkinçilikleriniň bardygy bellenildi. Mineral dökünleriň, ekologik taýdan arassa ýangyjyň, polipropilenden öndürilýän önümleriň önümçiligi ýola goýuldy. Milli ýangyç-energetika pudagynyň ösüşi diwersifikasiýa ýoly bilen amala aşyrylýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri energiýa serişdelerini eksport etmegiň hukuk meselesine degip geçip, 2018-nji ýylda Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýanyň kabul edilendigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz türkmen mawy ýangyjyny Hazaryň we Azerbaýjanyň üsti bilen Türkiýä ibermek üçin mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Soňra Türkiýäniň “Anadolu” agentliginiň habarçysy Dilara Hamit türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa ulag-kommunikasiýa ulgamynyň dünýä hojalyk gatnaşyklaryndaky ähmiýetini nazara almak bilen, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegi baradaky sowal bilen ýüzlendi.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, türki dilli döwletler Owganystanyň doganlyk halkyna uly kömek edýärler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan, Owganystan, Azerbaýjan, Gruziýa we Türkiýe degişli taslamalary durmuşa geçirmek barada ylalaşdy.

Türkmenistan gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýär. Häzirki wagtda biz döwrebap awtomobil, demir ýollary gurýarys, deňiz we howa ugurlaryny ösdürýäris, sebit, halkara ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirýäris diýip, Gahryman Arkadagymyz Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman — Katar hem-de Gazagystan — Türkmenistan — Eýran üstaşyr ulag geçelgesiniň taslamalaryny mysal hökmünde getirdi. Şunuň bilen baglylykda, Demirgazyk — Günorta ugruna ünsi çekdi. Şeýle hem Türkmenbaşy we Baku portlarynyň arasynda gatnawlaryň alnyp barylýandygy bellenildi. Şunda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň iri möçberli ýük daşamalary amala aşyrmak üçin ägirt uly kuwwatynyň bardygy nygtaldy.

Mälim bolşy ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasy ulag boýunça ýurdumyz tarapyndan teklip edilen birnäçe Kararnamalary kabul etdi. Ýol gurmak diňe bir özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam bermän, eýsem, döwletleriň we halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary hem pugtalandyrmaga goşant goşýar. Bu bolsa örän möhümdir we Türkmenistan şuny maksat edinýär diýip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Türki medeniýetiň halkara guramasynyň “TÜRKSOÝ” halkara žurnalynyň baş redaktory Salim Ezer häzirki wagtda Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasynda synçy derejesine eýedigini we onuň çäklerinde işjeň iş alyp barýandygyny belläp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygyna ýurdumyzyň haçan bu guramanyň doly hukukly agzasy boljakdygy baradaky sowal bilen ýüzlendi.

Gahryman Arkadagymyz nesli oguzlardan gaýdýan türki halklaryň köküniň birdigini belläp, şu ýylyň biz üçin şanly ýyldygyny nygtady. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly şygary astynda geçýän bu ýylda biz beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny baýram edýäris. Şanly sene mynasybetli uly dabaralar guralar. Magtymguly Pyraga bagyşlanyp, sammit geçiriler. Bu sammite Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan hem gatnaşmak isleýändigini aýtdy. Şular barada aýtmak bilen, türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy şol sammitde Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasynyň doly hukukly agzasy bolmagynyň mümkindigini belledi.

Soňra üçünji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşyjylara — Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaza hem-de Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretary Sultan Raýewe söz berildi. Olar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa çuň manyly çykyşy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyzyň beýan eden, häzirki döwrüň derwaýys meseleleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamak, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň ähmiýetini we örän wajypdygyny nygtadylar. Bellenilişi ýaly, bu başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegi bar bolan kuwwatdan hem-de döwrüň talaplaryndan ugur almak bilen, özara bähbitli sebitleýin we halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy, energetika, ulag ulgamlaryndaky, beýleki pudaklardaky gatnaşyklary ösdürmäge ýardam berer.

Şeýle hem çykyş edenler Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen-türk işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmek meselelerine hemişe uly üns berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Bellenilişi ýaly, Türkiýäniň işewür toparlary amatly maýa goýum ýagdaýy we üstünlikli işlemek üçin ähli şertler döredilen geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän orunlaryny pugtalandyrmaga aýratyn gyzyklanma bildirýärler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn görnüşde, sebitleýin we halkara guramalaryň, şol sanda TÜRKSOÝ-nyň çäklerinde netijeli medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge goşýan saldamly goşandy nygtaldy. Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna gabatlanan çäreleriň ähmiýeti bellenildi. Şunda Türkiýe Respublikasynyň wekilleriniň bu şanly sene mynasybetli geçiriljek halkara çärelere işjeň gatnaşjakdyklary aýdyldy.

Iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Antalýanyň Halkara howa menziline bardy we bu ýerden Watanymyza ugrady.

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy resmi adamlar, şeýle hem Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demirok garşyladylar. Diplomat türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy saparynyň üstünlikli geçmegi bilen gutlap, bu saparyň özara bähbitli türkmen-türk hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge, iki döwletiň we olaryň halklarynyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Gahryman Arkadagymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasy bilen netijeli hyzmatdaşlyga, şol sanda köptaraplaýyn görnüşdäki gatnaşyklara ygrarlydygyny we onuň çäklerinde ýurtlarymyzyň ählumumy parahatçylygyň hem-de howpsuzlygyň üpjün edilmegine, Durnukly ösüş maksatlarynyň gazanylmagyna gönükdirilen özara başlangyçlaryny hemişe goldaýandyklaryny nygtady.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Okamak
Yza

Şeýle hem okaň